Ï Mollagara-dünýä belli derde derman şypahana
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mollagara-dünýä belli derde derman şypahana

view-icon 2512
Mollagara-dünýä belli derde derman şypahana

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ähmiýetli ýyllarynyň içinde halkymyzyň baş saglygyny goramakda, saglygy goraýyş toplumyny nusgalyk derejede ösdürmekde ägirt uly ösüşler gazanyldy.

Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde tutuş Diýarymyzda amala aşyrylan giň möçberli işler aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2012-nji ýylda açylyp, dabaraly ýagdaýda işe girizilen Mollagara şypahanasyny hem görkezmek bolar. Şypahananyň täze ymaratlarydyr durky bütinleý täzelenen binalaryna, melhemler mesgenine gelýänlere bolsa göreldeli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan şypahananyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, ösen kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiliginiň düýpgöter gowulandyrylmagy raýatlaryň şypahana bejergisine, dynç alşa bolan zerurlyklarynyň has-da göwnejaý bolmagyny şertlendirýär.

Mollagara şypahanasy Balkanabat şäheriniň golaýynda, gadymy Uzboý hanasynyň gündogar kenarynda ýerleşip, Uly Balkan dagynyň gerişlerine çenli uzalyp gidýär. Şypahananyň tebigy baýlyklaram bejeriji palçyklar, şypa beriji duza baý mineral suwlar hasaplanylýar. Bu şypahananyň ajaýyp binalar toplumynyň düzüminde alty gatly 500 orunlyk ýatymlaýyn we bejeriş-anyklaýyş binasy, iki gatly 35 orunlyk gözellik merkezi, şeýle-de üç gatly 170 orunlyk myhmanhana, durky täzelenen iki gatly bejeriş we sagaldyş binasy, 30 orunlyk çagalar bölümi ýerleşdirilen bina, 250 orunlyk naharhana, şypahananyň işgärleri üçin niýetlenen alty sany 123 öýli ýaşaýyş jaýy we kömekçi desgalar bar.

Toplumda palçyk, duzly suw, fiziobejeriş, bedenterbiýe, anyklaýyş bölümlerinden başga-da, sowuk howa akymy, ýokary atmosfera basyşy, Garagumuň gyzgyn çägesi we ozon bilen bejerişler, gyzgyn daşlar, duzly, mineral howadan dem almak arkaly bejerişler kämil ýola goýlupdyr. Esasan-da nerw, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri, guragyry, ginekologiýa, peşew-jyns organlarynyň keselleri bejerilýär.

Gyzgyn palçyk arkaly edilýän emler beden agzalary üçin has-da peýdaly bolup durýar. Palçykdyr suwly wanna nobatma-nobat kabul edilende, dyzlara, bogunlara duz ýygnanmagy, bil süňkleriniň sowuklamagy ýaly sökelliklerem gaýra tesýär. Şonuň ýaly-da palçyk kadalaýyk gyzdyrylyp, ulanylmak bilen kentlewügiň sowuklamagynyň öňüni almak, gulak agyryny, ýüze düşýän ýakallary, örgünleri aýyrmak, tene näziklik bermek, sowuklama ýaly keselleri bejermekde özboluşly melhemdir. Kämil häzirki zaman enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen toplumda oňurga ýiligine, süňküne zeper ýeten adamlara hem toplumlaýyn saglygyny dikeldiş-bejeris çäreleri düýpli ýola goýulýar.

Mollagaranyň şypahana hökmünde meşhurlyga eýe bolmagynda onuň çägindäki kölüň ähmiýetem has ýokarydyr. Kölüň gyrmançaly palçygyna we şor suwuna taý geljek başga bir melhemler mesgeni Zemin ýüzünde-de seýrekdir diýsek ýalňyşmasak gerek. Mukaddes kölüň boýundaky gür ýylgyn tokaýlygyna bürenen çägesöw topragynda hem täsin, özboluşly görnüşler höküm sürýär. Munuň özi, eziz Watanymyzyň gözel künjeginiň diňe derde dermanlyk suwy, palçygy bilen tapawutlanman, eýsem, arassa çägesiniň, amatly ekologik gurşawynyň hem tapylgysyz melhem bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýyşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly kitabynda hem Mollagara şypahanasynyň tebigy bejeriş aýratynlyklaryna iňňän ýokary baha berilýär. Şeýle-de hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy ensiklopedik kitaby esasynda taýýarlanýan melhemler, birgiden bejerişler özboluşlylygy, hilidir netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu şypahana 30 gektar meýdany tutup, özbaşdak ajaýyp şaherçäni ýada salýar. Meşhur şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin kitaphananyň, internet kafeniň, restoranyň, dükanlaryň, amfiteatryň, gözellik salonyň, dellekhananyň, howuzyň, hammamyň, saunanyň, bilýarddyr tennis zallarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, beýleki amatlyklaryň bolmagy hem şypahana bejergisiniň netijeli bolmagyna oňat täsirini ýetirýär. Olaryň ählisiniň nusgalyk derejedäki ösen lukmançylyk enjamlarydyr zerur serişdeler bilen birkemsiz üpjün edilmegem aýratyn bellärliklidir.

Şu günlerde hem bu ýere gelýänleriň yzy üzülenok. Bagtyýar raýatlaryň hemmesem Mollagara şypahanasynda döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.