Ï Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri tejribe alyşmak üçin Taýland Patyşalygyna bardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri tejribe alyşmak üçin Taýland Patyşalygyna bardylar

view-icon 2393
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri tejribe alyşmak üçin Taýland Patyşalygyna bardylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri tejribe alyşmak sapary bilen Taýland Patyşalygyna baryp gördüler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» atly maksatnamasynyň zenan hünärmenler torunyň çäklerinde ýükleriň gözegçiligi boýunça tejribe alyşmak sapary bolup geçdi.

Bu tejribe alyşmak sapary Türkmenistanyň wekillerinden başga-da Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Wekiliýetler Bangkok we Laýem Çabang deňiz portlaryna baryp gördüler.

Port gözegçilik toparynyň agzalary bilen duşuşdylar, özara tejribe alyşdylar hem-de portlaryň alyp barýan işi, şol ýerde gurnalan maglumat tehnologiýalaryň, gümrük gözegçilik enjamlarynyň ulanylyşyny, konteýnerelere we demir ýol wagonlara amala aşyrylýan gözegçiligiň alnyp barylyşyny gördüler.

Gatnaşyjylar hem Bangkok Gümrük akademiýasynda bolup, okuw mekdebiniň müdiri we mugallymçylyk düzümi bilen duşuşdy. Akademiýada hem Taýlandyň gümrük gullukçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Çäräniň maksady, Bangkok we Laýem Çabang portlarynda hereket edýän Port gözegçilik toparlarynyň konteýnere gözegçilik etmek babatynda iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşmak, iki sebitiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» atly maksatnamasynyň zenan hünärmenler torunyň çäklerinde özara hereketi işjeňleşdirmek boldy.