Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýanka Kupala
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýanka Kupala

view-icon 4109
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýanka Kupala
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr. 

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz belarus edebiýatynyň we belarus edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biri Ýanka Kupala barada.

Belarus edebiýatynyň nusgawy şahyry, terjimeçi, dramaturg, akademik Ýanka Kupala Belarus Respublikasynyň Minsk oblastynyň Wýazynka obasynda doguldy. Geljekki şahyr çagalygynda ozalky ýersiz daýhan bolan kakasyna köp kömek etmeli bolupdyr. Agyr zähmetiň onuň köp wagtyny alýandygyna garamazdan, oňa özbaşdak okamak üçin boş wagt tapmak başardypdyr. Şeýdip, Ýanka kakasynyň kitaphanasynyň hemme kitaplary bilen diýen ýaly tanşypdyr. 1898-nji ýylda ol mekdebi tamamlap, öý mugallymy adyny alypdyr.

Ýigriminji asyryň başlarynda Ýanka Kupala «Naşa Niwa» diýen ilkinji belarus gazetiniň redaksiýasynda işläp, bu ýerde geljekki aýaly Wladislawa Stankewiç bilen tanşypdyr. Takmynan şol wagtlarda hem şahyr özüniň ilkinji goşgularyny çap edýär. Onuň şygyrlaryny şol döwrüň meşhur edebiýatçylary rus, ukrain we beýleki dillere terjime edýärler. Ýanka Kupalanyň irki goşgulary 19-njy asyr belarus şygryýetinde halk döredijiligine mahsusdyr. 

1909-njy ýyldan 1915-nji ýyllar aralygynda Ýanka Kupala köp sanly poemalary neşir edýär, teatrlar üçin pýesalary ýazýar.

1925-nji ýylda ol eýýäm ussat şahyr. Ýanka Kupala Belarus Respublikasynyň halk şahyry hormatly ada mynasyp bolýar. Ol Minsk şäher sowetiniň deputatlygyna saýlanýar we Belarus ýazyjylar birleşmesiniň agzasy bolýar. Urşa çenli ýyllarda şahyryň ýene-de ençeme şahyrana ýygyndylary we poemalary çapdan çykýar. 1939-njy ýylda şahyr Lenin ordeni bilen sylaglanýar. 

Uruş ýyllarynda Ýanka Kupalanyň ajaýyp publisistikasy meşhurlyga eýe bolup, adamlary söweşe galkyndyrýardy onuň şol döwürdäki watançylyk şygyrlaryna faşizme garşylyk mazmun mahsusdy.

Ýanka Kupala 1942-nji ýylda aradan çykýar. Belarusda Ýanka Kupalanyň adyny göterýän mekdepler, kitaphanalar, muzeýler we köçeler bar. Şahyryň eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Şahyryň özi ençeme beýik ýazyjylaryň we şahyryň eserlerini belarus diline terjime etdi, şolaryň hatarynda A.Puşkiniň, T.Şewçenkonyň, N.Nekrasowyň, I.Krylowyň hem-de beýlekileriň eserleri bar. Eýýäm biziň döwrümizde, 2003-nji ýylda Ýanka Kupalanyň dokuz tomlarda eserleriniň doly ýygyndysy çap edildi.