Ï Türkmenistanda salkyn howa garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda salkyn howa garaşylýar

view-icon 2229
Türkmenistanda salkyn howa garaşylýar

Güýz paslynyň gelmegi bilen Diýarymyzda güneşli we salkyn howa dowam edýär. Täze başlanan iş hepdesinde howanyň temperaturasy +34, ýurdumyzyň käbir ýerlerinde bolsa +37 gradusa ýeter diýlip çak edilýär.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +16... +18 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +32 gradusdan +34... +36 gradus aralygynda yssy bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +13... +18 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28... +33 gradus yssy bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +12... +17 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradusdan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradusdan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradusdan +28… +33 gradus aralygynda yssy bolar.