Ï ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligine badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligine badalga berildi

view-icon 2967

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Sanly okuw hepdeligi 2024-iň çäklerinde bilim ministrler derejesinde tegelek stol geçirildi. Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy G.Gurdowa wekilçilik etdiler.