Ï Akyldar bilen elli bäş minut ýüzbe-ýüz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Akyldar bilen elli bäş minut ýüzbe-ýüz

view-icon 4768
Akyldar bilen elli bäş minut ýüzbe-ýüz

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler maksatnamasy paýtagtymyzyň teatr durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Teatrlaryň ählisinde teatr möwsümi Magtymguly Pyragy hakyndaky spektakllar bilen açyldy. Ol teatr toparlarynyň agzybirligini, beýik akyldara hormatyny görkezdi.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatr möwsümi bir artistiň çykyş edýän «Akyldar» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bilen açyldy. Teatr sahnalarynda ilkinji gezek Magtymgulynyň keşbinde bir aktýoryň spektakly görkezildi. Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan şygryýetine düşünmek üçin muňa taýýarlykly tomaşaçy gerek, şol sebäpden hem elli bäş minutlap bir aktýoryň aýdýan her sözüniň manysyny tirmek her kese başardybam baranok.

Muňa garamazdan, üýtgeşik röwüşli yşykly şekilli sahna bezegi spektaklyň gyzygyny artdyrdy. Perde ýokary galýar welin, sahnada misli hyýaly filmleriň bir görnüşi kimin ýyldyzlary san-sajaksyz we Zemin bilen asmany baglaşdyrýan aýdyň sütünli asman şekili peýda bolýar — tutuş Älem Zeminiň dana ogly bilen ýüzbe-ýüz galýar. Magtymguly tomaşaçylara ýüzlenip, şahyrana monologyna başlaýar.

Spektaklyň saz bezegi-de sahna bezegi bilen sazlaşykly utgaşýar. Mämmet Haýdyrow spektaklyň mazmunyna laýyk gelýän sazy däl-de, eýsem dürli saz ugurlaryndan bölekleri ulanypdyr.

– Dramaturg Gadam Kakabaýew Magtymgulynyň eserler ýygyndylaryndan şahyryň durmuşy we dünýägaraýşy barada goşgularyny saýlap alyp, olary hekaýatyň mana baý yzygiderlige goşmagy başarypdyr. Şeýdibem «Akyldar» spektaklynyň ýordumy peýda boldy. Onsoň öňümizde şol wakalary sahnada beýan etmek wezipesi ýüze çykdy. Spektakl ilkibaşdan monolog, bir aktýoryň işi hökmünde göz öňünde tutuldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň keşbini döredýän Döwlet Hanmämmedow bilen işimizi kynlaşdyrdy. Şunda zehinli sahna bezegçileriniň döwrebap pikiri bize kömege geldi. Olar – sahna bezegini ýerine ýetiren Mekan Annamyradow, saz bilen bezän Mämmet Hydyrow, täsirli wideoşekiller bezegini taýýarlan Arslan Berdiýewdir. Spektaklyň şowly çykanyna begenýärin – diýip, oýun goýujy režissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew gürrüň berýär.

Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hanmämmedow: 

– Elli bäş minut arakesmesiz, çuň manyly her sözi öz ýerinde ýerlikli ulanmaly şahyrana monology okaýmak juda hupbatly iş. Ýöne men sahnada ýeke däldim, sahna, yşyk we owaz ýaly üç «kärdeşim» bardy. Spektaklyň aýratyn ýürege ýakyn ýerlerinde tomaşaçylar maňa el çarpýardylar. Olaryň el çarpyşmalaryny tomaşaçylar bilen sahnadaky artistiň birek-birege düşünmeginiň subutnamasy hökmünde kabul etdim. Bu maňa gaty gowy kömek etdi – diýdi.

Spektaklyň ahyry hem has täsirli boldy. Bir tarapdan sahnada Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň yşykly şekili, beýleki tarapdan – «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndan beýik şahyryň beýik ýadygärligi peýda bolýar.

«Akyldar» spektakly ilkinji gezek aşgabatly tomaşaçylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna görkezildi. Ýöne ol Gazagystanda geçirilen bir teatr festiwalyna gatnaşyp, şol ýerde-de uly üstünlik gazandy.