Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen, «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan bu hojalyk jemgyýetiniň täze desgasynyň ulanylmaga berilmegi we işleriniň barha rowaçlanmagy Berkarar döwletimizde döwlet we hususy eýeçilik tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagy ugrunda sazlaşykly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu kärhananyň 30 müň inedördül meýdandan gowrak ýerde ýerleşmegi onuň geriminiň giňliginden habar berýär. Barha adygýan önümçilik kärhanasynda jemi alty toparda mineral we sintetiki ýaglar öndürilýär. Bu ýerde ýeňil awtoulaglaryň hereketlendirijilerine niýetlenen, awtoulag we awtomatiki transmissiýa we gidrawlik ulgam üçin, agyr iş şertlerinde işleýän kuwwatly transmissiýa hem-de senagat ýaglarynyň, şeýle hem senagat we oba hojalyk tehnikalaryna niýetlenen motor hem-de gidrawlik ýaglaryň önümçiligi ýola goýlupdyr.
Önüm öndürmek üçin esasy çig mal Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem önümçilige zerur bolan himiki serişdeler daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalaryndan özara hyzmatdaşlyk esasynda getirilýär. Häzirki wagtda bu kämil enjamly önümçilikde mineral we sintetiki ýaglaryň 25 görnüşi öndürilip, geljekde onuň sanyny 50-ä ýetirmek göz öňnde tutulýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň 40-dan gowragy zähmet çekýär, geljekde önümçiligiň giňelmegi bilen önümçilikde iş ornuny 100-e çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Hojalyk jemgyýetiniň täze önümhanasynda öndürilýän mineral we sintetiki ýaglar kärhananyň özünde önümçiligi ýola goýlan 1, 5 we 20 litr göwrümli plastik gaplara, şeýle hem 200 litr göwrümi bolan demir çeleklere gaplanýar. Täze önümçiligiň kuwwatyny bir günde 80 tonna, bir ýylyň dowamynda bolsa, 20 müň tonna önüm öndürmeklige çenli ýokarlandyrmaga mümkinçiligiň bardygyny hem belläp geçmek bolar.
Şeýle hem kärhanada Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki ösen döwletleriň belli kompaniýalarynyň tehnologiýalary ornaşdyrylan kämil barlaghana hereket edýär. Bu bolsa, gysga wagtda önümiň himiki düzümini we hil derejesini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň belent ruhunda zähmet çekýän «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän «Şir ýag» önümhanasynyň işleri barha ilerleýär.