«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kompaniýasy alty aýdan uly ýaşly körpeler üçin çaga iýmitleriniň dört görnüşini öndürip başlady. Olaryň arasynda tüwüli, tüwüli-bananly, mannaly we bally şüleler, şeýle hem däneli ösümlikleriň ýedisinden taýýarlanan önümler bar.
Mikro- we makroelementler hem-de witaminler bilen baýlaşdyrylan bu önümler çagalaryň sagdyn ösmegini goldamak üçin häzirki zaman saglyk ölçeglerine laýyk gelýär.
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» milli we halkara TDS ISO 9001 hil ulgamynyň talaplaryna berk eýerýär. Önümler barlaghana barlaglaryndan geçirilýär, bu bolsa olaryň howpsuzlygyny we iň ýokary talaplaryň berjaý edilmegini kepillendirýär. Arkadag şäheriniň medisina klasterinde çaga iýmitiniň öndürilmegi diňe bir azyk bazarynyň islegini kanagatlandyrman, eýsem halkyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde hem möhüm ädimdir.
Medisina kalsterini döretmek Arkadag şäheriniň ösüşiniň ikinji tapgyrynyň esasy taslamasydyr. Ol ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we şypaly çig maly giňden ulanyp, ösen tehnologiýalara esaslanýan önümçilik merkezi bolmaga niýetlenendir. Onuň önümleri milli saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryny kanagatlandyrar we ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportynyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Bu ýerde döredilýän önümçilik desgalary öňdebaryjy dünýä tejribesine, barlaglara we häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäheriniň önümçilik zolagynda azyk, senagat, derman we lukmançylyk önümleri öndürmek boýunça desgalaryň gurluşygy üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýanyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat berildi.