Ï «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 2236
«Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen halky Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk menzilinde uly-uly sepgitlere, ençeme zähmet ýeňişlerine eýe boldy. Gazanylan her bir üstünligiň özeninde bolsa türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan her bir iş bolsa bize mynasyp netijeleri sowgat berýär.

«Adalat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli döredijilik bilen meşgullanýan ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň arasynda «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Şu gün bolsa bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. 

Dabarada Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri Suraý Orazowa, Süleýman Gurbanýazow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri Jennet Durdyýewa, Bibijan Hydyrowa, Baş prokuraturanyň uly prokurory Jennet Arazowa, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Bagtyýar Gurbanberdiýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy Batyr Gurbanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Sähra Batyrowa, «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň işgäri Jemal Gurbanowa we başga-da birnäçe hukuk goraýjy edaralaryň ýaş hünärmenleri bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Şeýle hem olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Mukaddes Watanymyzyň ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan şeýle belent özgertmelere mynasyp goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şeýle belent wezipeleri durmuşa geçirmekde nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!