Ï Hünär bäsleşiginiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünär bäsleşiginiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1977
Hünär bäsleşiginiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkeziniň geçiren «Magtymguly Pyragy – şygry paýhas ummany» hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryndan soň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanalarynyň hünärmenleriniň arasynda «tegelek stol» geçirildi.

Oňa gatnaşanlar bäsleşigiň netijelerini we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmekdäki wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu işde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligi, päk ahlagy we agzybirligi wagyz edýän eserleriniň bütin adamzat üçin müdimi gymmatlykdygy baradaky sözlerinden ugur alýarlar.

«Tegelek stola» gatnaşyjylar ýaş kitaphanaçylaryň zehinini ýüze çykarmagyň we goldamagyň, ýurduň gazananlary, baý medeni mirasy barada teleradio ýaýlymlary, çap we elektron habar beriş serişdeleri we kitaphana işiniň dürli görnüşleri arkaly maglumatlary, şeýle hem kitaphana hünärmenleriniň öňdebaryjy tejribesini ýurduň beýleki kitaphanalarynyň işgärleriniň arasynda ýaýratmagyň zerurdygyny bellediler.