Ï Adam hukuklary babatynda türkmen-iňlis hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adam hukuklary babatynda türkmen-iňlis hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1162
Adam hukuklary babatynda türkmen-iňlis hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen «TIF 2024» halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Milletleriň arkalaşygy we ösüşi Sebit ösüş departamentiniň baştutany Sara Kuperiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky durnukly ykdysady ösüş we ykdysady diwersifikasiýalaşdyrmak, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» tehnologiýalara geçmek we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklaryň çäklerinde adam hukuklaryny üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hanym Sara Kuper adam hukuklaryny goramak babatynda daşary ýurt milli guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ugurdaş milli guramalaryň ygtyýarlyklaryny we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň hem-de pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Duşuşykda, hususan-da, gender deňligini we inklýuziw durmuş hyzmatlary üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar adam hukuklaryny goramak we ilerletmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.