Ï Häzirki zaman şäheri üçin amatly IT çözgütleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki zaman şäheri üçin amatly IT çözgütleri

view-icon 1191
Häzirki zaman şäheri üçin amatly IT çözgütleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynda ýurduň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmäge bagyşlanan «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara maslahat hem-de sergi geçirilýär. Bu özboluşly meýdança ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy IT kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar.

Çärä gatnaşyjylar işjeň tejribe alyşýarlar, pikir alyşýarlar we öz işläp taýýarlanlaryny geljekki hyzmatdaşlaryna hödürleýärler, şeýlelik bilen netijeli hyzmatdaşlyga we dürli ugurlarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna şert döredýärler.

Taslamalaryň köpüsi häzirki zaman şäherleri üçin amatly IT çözgütlerini işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Olaryň biri-de innowasiýa tehnologiýalary pudagynda ýerli hünärmenleriň işläp taýýarlan «Oteller» onlaýn myhmanhanadan deslapdan ýer almak ulgamydyr.

Onlaýn-meýdança ulanyjylara paýtagtymyzda ýerleşýän otelleriň we myhmanhanalaryň aragatnaşyk maglumatlaryny berýär. «Oteller» saýtynda we degişli ykjam goşundyda saýlanyp alnan myhmanhanada otaglary deslapdan bron edip we tassyklamany elektron görnüşinde alyp bolýar.

«SmartHotel» myhmanhana dolandyryş ulgamy bilen birleşdirilen «Oteller» ulgamy, myhmanhana telekeçiliginiň sanly dolandyrylyşyny has-da ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda bu usuly Türkmenistanyň hemme ýerinde ýerleşýän myhmanhana toplumlaryna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Talyplaryň häzirki zaman umumy ýaşaýyş jaýlary-da olaryň ýaşamagynyň amatlylygyny ýokarlandyrmak üçin IT çözgütlerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. «Ýyldyrym bady» HJ-niň ýaş höwesjeňleri «DormWave» atly temadan startapa başlamagy teklip etdiler.

– Işläp taýýarlan usulymyz umumy ýaşaýyş jaýynyň dürli ýerlerine girilişini gözegçilikde saklamak üçin döredilen «Gapyjyk» ykjam goşundyny öz içine alýar. Awtomatlaşdyrmagyň esasy maksady energiýa we suw tygşytlamakdyr – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Muhammetnur Berdiýew gürrüň berdi.

– Ýörite modullar we bloklar serişdeleriň sarp edilişini derňeýär. Ol kadadan ýokary bolsa nirede näsazlyk bardygyny gözleýäris. Wezipämiz – gerek bolsa ulgamlary öçürmek, ol energiýa sarp edilişini azaltmaga we durnukly işi saklap galmaga mümkinçilik berer. Aşgabatdaky talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň marketing derňewini geçirdik, indi taslamamyzyň durmuşa geçirilmegi üçin goldaw gözleýäris.

«HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara sergi IT innowasiýalarynyň ýurduň şäher meýilnamasy we durmuş taýdan ösüşi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Myhmanhana we talyplar pudagyna häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy diňe bir hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, serişdeleriň has netijeli ulanylmagyna hem ýardam edýär. Bu bolsa Türkmenistanda amatly we durnukly şäher gurşawyny döretmek üçin döwlet, işewürlik we ylmy edaralaryň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtaýar.