Ï Italýan tonory Matteo Lippiň paýtagtymyzda myhmançylykda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Italýan tenory Matteo Lippi paýtagtymyzda myhmançylykda

view-icon 3486
Italýan tenory Matteo Lippi paýtagtymyzda myhmançylykda
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylyşynyň 10 ýyllygy hem-de italýan kompozitory Jakomo Puççininiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert berildi.

Meşhur opera tenory Matteo Lippiň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan konsert guraldy. Türkmen sahnasynda ilkinji gezek Puççininiň döreden ariýalaryny italýan aýdymçysy ýerine ýetirdi.

Konserte italýan tenory bilen bilelikde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, aýdymçylar Bahar Durdyýewa (soprano) we Gözel Annahanowa (soprano) hem gatnaşdylar.

Konsertde Puççininiň iň meşhur operalary – «Bogemo», «Madam Batterflýaý», «Toska» ýaňlandy. Matteo Lippiniň özüne çekiji sesi, türkmen wokal ussatlarynyň aýdymlary bilen has-da sazlaşdy. Simfoniki orkestr italýan kompozitorynyň birnäçe eserini höwes bilen ýerine ýetirdi.

– Matteo Lippiniň dünýä derejesindäki ýyldyzdygyna garamazdan, onuň bilen aragatnaşyk saklamak aňsat – diýip, Resul Gylyjow gürrüň berýär.

Aýdymçynyň özi, Aşgabat şäherine eden sapary barada aýdyp, türkmen aýdymçylary we sazandalary bilen duşuşanyna örän şatdygyny, paýtagtymyzyň gözellikleri bilen giňden tanyşmak üçin wagtynyň juda çäksizdigine gynanýandygyny aýtdy.

Şeýlelik bilen, bu konsert aýdymçylar üçin hem, diňleýjiler üçin hem ýakymly ýatlamalar galdyrdy. Biz Matteo Lippiniň myhmansöýer topragymyza ýene gelmegini arzuw etdik.