Ï Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1426

2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Taraplar Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. UNODC-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň tapgyrlarynyň çäklerinde bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň we Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda guramaçylykly jenaýatlar, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy, korrupsiýa we terrorçylyk ýaly ählumumy häsiýetli halkara howplaryna garşy göreşmekde häzirki wagtda alnyp barylýan işlere we hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.

Taraplar şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri guramak barada pikir alyşdylar.