Häzirki wagtda Daşoguz şäheriniň gurluşykçylary ýerleri we bar bolan inženerçilik-tehniki kommunikasiýalary rejeli ulanmaga çalyşýarlar. Muny şäheriň ilatly ýerlerinde gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi hem subut edýär.
Olaryň birini – otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, giň otagly köpgatly 48 öýli ýaşaýyş jaýy Andalyp köçesinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň hünärmenleri bina etdiler. Bu ýerde üç otagly öýüň umumy meýdany 100 inedördül metrden-de geçýär. Görogly köçesinde kerpiçden gurlan beýleki bir ýaşaýyş jaýyny hususy gurluşyk kompaniýasy bina etdi. Ol gerekli durmuş-medeni desgaly ösen düzümli sebitiň binagärlik toplumyna sazlaşdy. Jaýyň gurluşygynda ýaşaýyş jaýynyň amatlylygy, ekologiýa we estetiki ölçegleriň berjaý edilmegi boýunça şäher gurluşygy syýasatynyň talaplary göz öňünde tutuldy.
Häzirki wagtda bu jaýlarda gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp, olar ulanmaga berilmäge taýýarlanylýar.
Ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, soňky döwürde Daşoguzda ýaşaýyş jaý pudagy çalt depginlerde ösýär. Şäheriň dürli künjeklerinde, şol sanda köne binalardan boşan ýa-da boş ýatan ýerlerde her ýyl döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy ulanmaga berilýär, ähli zerur durmuş-medeni desgalary bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary kemala gelýär. Dürli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna gurlan bu täze binalar ähli zerur inženerçilik-tehniki kommunikasiýalary bilen üpjün edilýär, töweregi doly abadanlaşdyrylýar we yşyklandyrylýar.