Ï Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

view-icon 1528

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Gazagystan Respublikasynyň paýtagty – Astana uçuşy amala aşyryp, Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menziline gondy, bu ýerde «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baýdaklary galdyryldy.

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge hem-de ählumumy bähbitlere laýyklykda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär.