Ï Ýeralmanyň bol hasyly öndüriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeralmanyň bol hasyly öndüriler

view-icon 1615
Ýeralmanyň bol hasyly öndüriler

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1 müň 400 gektar ýere ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 780 tonna golaý hasyl alyndy we bu baradaky döwlet meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. 

Häzirki wagtda bolsa, welaýatyň ekin meýdanlarynda göz öňünde tutulan 900 gektar güýzlük ýeralma ekilen meýdanlarda agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Gündogar sebitiň zähmetsöýer ekerançylarynyň toplan baý tejribesi we ene topraga yhlasy, güýzlük ýeralmanyň ekiljek meýdanlarynyň öňünden saýlanylyp alynmagy, ekiş geçirilmezden ozal topragyň organiki we mineral dökünler bilen gurplandyrylmagy, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy, ekiş işleriniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegi ekerançylaryň bol hasylyň binýadyny berkden tutandyklarynyň şaýadydyr.

Her gektardan 140 sentner hasyl almaklygy maksat edinýän lebaply daýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredýärler. Has takygy şu wagta çenli welaýat boýunça ýeralma ekilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri doly tamamlanyp, eýýäm 90 göterimden gowrak ýerde gögeriş gazanylypdyr. Şeýle hem ýeralmadan gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi we 1-nji gezek goşmaça iýmitlendirmek işleri utgaşykly dowam etdirlip, häzirki wagtda bu çäreler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

Ýylyň ýylyna welaýat boýunça ýeralmanyň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan    Saýat etrabynda 250, Dänew etrabynda 120, Halaç etrabynda hem 90 gektar ýerde ýeralma ekilip, bu etraplarda 1-nji ideg işleriniň eýýäm tamamlanandygyny bellemek buýsançlydyr.