Ï ÝHHG-niň maslahatyna gatnaşanlar gender deňligine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG-niň maslahatyna gatnaşanlar gender deňligine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 1559
ÝHHG-niň maslahatyna gatnaşanlar gender  deňligine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

12-13-nji sentýabrda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan gender deňligi boýunça maslahat bolup geçdi. Bu çäräniň maksady Merkeziň «Maşgalada gender deňligi barada habarlylygy ýokarlandyrmak we kömek bermek» atly uzak möhletli taslamasynyň netijeleri boýunça gelnen kararlardyr işlenip düzülen maslahatlary ara alyp maslahatlaşmak we gender hem öýdäki deňlik hereketine gatnaşýanlaryň mümkinçiligini artdyrmak boldy.

Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşan bu maslahatyny taslama baha bermek bilen meşgul bolan gender meseleleri boýunça şwesiýaly bilermen Malin Palm geçirdi. Bilermen gender deňligi, şeýle hem edaralar we guramalar arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly birgiden hakykata degip geçdi. Şeýle hem gender deňligi babatda hyzmatlaryň hiliniň halkara ülňüleri we milli hukuk esaslary, gender deňligi boýunça maglumat ýygnama, taslamalara gözegçilik we baha berme ýaly temalar-da ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahat ÝHHG-niň Merkeziniň Norwegiýanyň we ABŞ-nyň hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýän  taslamasynyň çäginde geçirildi. Taslamanyň ikinji tapgyry, orta we uzak möhletiň dowamynda hemmetaraplaýyn täsiri gazanmak maksady bilen, müdirlikler we bölümler arasyndaky maksatnamalary we çäreleri belli etmek üçin, isleglere has giňişleýin baha bermegi, olaryň hukuk we edarawi esaslarynyň  we Türkmenistanda gender deňligi babatynda gyzyklanýan taraplaryň mümkinçiliginiň derňewini göz öňünde tutýar.