Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

view-icon 2537

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny ýetirip, Federal Kansler Olaf Şols bilen “Merkezi Aziýa — Germaniýa” dialogynyň çägindäki ikitaraplaýyn duşuşygyň türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GFR-iň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de ol parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary netijesinde belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen öz ýurdunyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar köp sanly dürli ylalaşyklary we şertnamalary öz içine alýan berk hukuk binýadyna esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekdi. Hökümet we pudak edaralary derejesinde amala aşyrylýan özara saparlar munuň şeýle bolmagyna gönüden-göni ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik maslahatlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýdyp, bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny aýratyn belledi. 2023-nji ýylyň noýabrynda Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine, şol sanda “Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasyna” gol çekildi.

Federal Kansler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge başlangyçly çemeleşýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ony ösdürmek üçin ähli şertler, ilkinji nobatda, amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Söhbetdeşler “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli duşuşygyň meseleleri boýunça pikir alşyp, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň däp bolan türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.