Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň daýhanlary güýzlük sogan ekýärler. Bu ekin ýene-de 470 gektar meýdana ekiler. «Gökçäge» daýhan birleşiginde sogan has köp – 53 gektar meýdanda ekiler.
Welaýatda jemi iki müň iki ýüz gektar meýdanda sogan ekiler. Tohum hökmünde sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan görnüşleri saýlanyp alyndy.
Her gektardan ortaça 250 sentner hasabyndan sebitiň ekerançylary 55 müň tonna hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Demirgazyk sebitde soganyň ýylda iki gezek – tomusda we güýzde ekilýändigini ýatladýarys.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçiligiň möçberini ýokarlandyrmak we ilaty ýylyň dowamynda ýeterlik azyk önümleri bilen üpjün etmek üçin döwletiň kesgitlän wezipelerine laýyklykda, welaýatyň daýhanlary, şol sanda dürli miweleri we gök önümleri öndürmek üçin zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmäge, ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmaga çalyşýarlar.