Ï Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1289
Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen bir hatarda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlaryny we ABŞ-ny öz içine alýan «C5+1» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Bu formata gatnaşyjylaryň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we ekologiýa ýaly ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlygy amala aşyrýandyklary nygtaldy.