2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işini başlamagy bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi.
UNRCCA bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.