Türkmenistan ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, ýük daşama geografiýasyny giňeltmek, ulagyň dürli görnüşleri üçin hünärmenleri taýýarlamak işine halkara ülňülerini girizmek arkaly halkara ulag-logistika hyzmatlary bazarynda öz ornuny berkitmäge tutanýerlilik bilen çalyşar.
Ministrler Kabinetiniň 13-nji sentýabrda bolup geçen mejlisinde döwlet Baştutanymyza raýatlyk uçarçylyk pudagyna degişli işgärleriň derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Ýurdumyzyň halkara uçar menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak, ýük ammarlarynyň kuwwatyny has netijeli ulanmak, halkara daşamaçylygynyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçarçylyk işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde okuwy Halkara raýatlyk uçarçylyk guramasynyň (HRUG) maksatnamasy esasynda ýola goýmak barada teklip berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýat awiasiýasy işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur okuwlary ýola goýmak baradaky teklibi oňlamak bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzda raýat uçarçylygy pudagynyň barha depginli ösýändigini, wagtly-wagtynda täze uçarlaryň satyn alynýandygyny, uçar menzillerinde döwrebap şertleriň döredilendigini, munuň bolsa halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işi milli kanunçylyga we Halkara raýatlyk uçarçylygy guramasy tarapyndan kesgitlenen halkara ülňilere laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlyk uçarçylygynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Howa ulagynyň hünäri derejesiniň ýokarlandyrylmagy bu pudagyň netijeli ösüşi we onuň ýokary hilli hyzmatlaryny üpjün etmek üçin esasy wezipe bolup durýar.
Häzirki wagtda öňdebaryjy dünýä tejribesini nazarlamak, bilim we iň täze tehnologiýalar ulagyň başga görnüşleriniň ösüşinde-de ileri tutulýan ugurdyr. Şu ýylyň mart aýynda geçen hökümet mejlisinde awtomobil bilen ýük daşamak babatynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çärelere garaldy. Hususan-da, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi we «Türkmenistanyň halkara ýük daşaýjylar assosiasiýasy» tarapyndan awtomobil bilen ýurtlar arasynda ýük daşamak işinde meşgul sürüji we operatorlary ýokary hünärli edip taýýarlamak üçin, Halkara awtomobil ulagy birleşigi (IRU) tarapyndan ygtyýar beriljek okuw merkeziniň açylmagy baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berilişine görä, aýratyn-da, Ýewropa ýurtlaryna daşamak üçin taýýarlyk işleri halkara standartlara laýyklykda alnyp barlar. Şol sebäpden IRU akademiýasy gysga möhletli okuwlary geçirmek üçin mugallymlary taýýarlamaga başlady.
Ženewada ýerleşýän IRU akademiýasyndan ygtyýarnama almak okuw merkezine okuwy üstünlikli tamamlan türkmen sürüjilerine we menejerlerine şahadatnama we diplom bermäge hukuk berer. Täze okuw merkezi pudagyň ösüşine we türkmen şereketleriniň halkara mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam etmek bilen, halkara awtomobil daşamaçylygynda hünärmen taýýarlamak ulgamynyň esasy bolar. Halkara derejesindäki hünärmenleri taýýarlamak 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-inde Halkara awtomobil ulagy birliginiň Baş sekretary Umberto Pretto bilen bolup geçen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlygyň geljegi uly meýilleriniň amala aşmagynyň zerur şertidir.
Onda taraplar multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek, şol sanda ulag pudagyny sanlylaşdyrmak arkaly-da ýurtlar arasyndaky özara baglanyşyklylygy gowulandyrmak boýunça mundan soňky işleri belli etdiler. Şeýle hem Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlap, noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahata taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky ileri tutulýan wezipelerinde beýan edilen durnukly ulag pudagyna degişli başlangyçlaryna garaldy.