Ï Türkmen hünärmenleri howanyň maglumatlaryna gözegçilik etmek, ýygnamak we seljermek başarnyklaryny ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri howanyň maglumatlaryna gözegçilik etmek, ýygnamak we seljermek başarnyklaryny ösdürýärler

view-icon 103
Türkmen hünärmenleri howanyň maglumatlaryna gözegçilik etmek, ýygnamak we seljermek başarnyklaryny ösdürýärler

Türkmenistanyň Döwlet gidrometeorologiýa gullugynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMG-niň ÖM) bilen Howa ýaşyl gaznasynyň (HÝG) maliýe taýdan goldamagynda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» (MUM) taslamasynyň çäklerinde okuw geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gidrometeorologiýa gullugy ýurtda howa we howa hyzmatlaryny bermek üçin jogapkär esasy guramadyr.

Ýedi günüň dowamynda Döwlet gidrometeorologiýa gullugynyň esasy inženerleri we barlaghana işgärleri halkara bilermenleriniň ýolbaşçylygynda orta we uzak möhletleýin takyk çaklamalar üçin howa ýagdaýlaryna gözegçilik etmegiň, maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Howanyň ýagdaýy barada gowy hilli, öz wagtynda we maglumatlaryň takyklygy we irki duýduryş ilatyň degişli çärelere taýýarlygyny üpjün etmek, degişlilikde tebigy betbagtçylyklaryň ýetirýän zyýany azaltmak üçin zerurdyr.

Bu BMG-niň ÖM-niň MUM taslamasynyň esasy milli gyzyklanýan taraplaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilleşdirmek üçin mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen soňky iki ýylda guran üçünji amaly okuwydyr.