Ï Elektron ýerlik işiň hasabatlylygyny we bellige alynmagyny iň amatly şekile getirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elektron ýerlik işiň hasabatlylygyny we bellige alynmagyny iň amatly şekile getirýär

view-icon 105
Elektron ýerlik işiň hasabatlylygyny we bellige alynmagyny iň amatly şekile getirýär

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Elektron statistika hasabatlylygy we iş sanawy» ýerligini üstünlikli işe girizdi. 

Bu ýerlik müdirligiň saýtynyň «Elektron hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirildi. Ol, ýuridik şahslara hem telekeçilere maglumat bermäge we statistik görnüşleri internet arkaly dolandyrmaga mümkinçilik bermek bilen, Türkmenistanda statistik maglumatlary ýygnamak we gaýtadan işlemek usulyny üýtgetmäge gönükdirilendir.

Bu ulgam, resminamalary elde işlemegi aradan aýyrmak bilen, işiň bellige alynmagyny aňsatlaşdyrýar, hasabat amallaryny iň amatly ýagdaýa getirýär we maglumat ýygnamagyň hem derňewiniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar. Ýerlik, şeýle hem has esasly kararlary kabul etmek üçin, tüýs wagtynda maglumatlara elýeterliligi gowulandyrmak, jogapdarlar üçin dolandyryş çykdajylaryny azaltmak we amallary sadalaşdyrmak ýaly birnäçe peýdaly zatlary hödürleýär.

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň belleýşi ýaly, bu innowasion ýerlik, Türkmenistanyň sanly ulgama geçişindäki we ykdysady ösüşindäki möhüm öňe gidişlikdir. «Bu guralyň, müdirlikler arasyndaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmak we umumy ykdysady öndürijiligi ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, hem statistika edaralaryny, hem-de iş görnüşini bellige almaga gatnaşýan ähli ykdysady edaralary esli artykmaçlyk bilen üpjün etjekdigine ynanýarys» diýip, ol nygtady. 

BMGÖM-iň «E-Stathasabat we işewür-registri» ýerligi işe girizmekde berýän goldawy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistik we maglumat tehnologiýasy taýdan kuwwatyny ýokarlandyrmak babatynda edýän tagallalarynyň bir bölegidir.

Bu başlangyç «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we «Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyk gelýär.