Ï Gök önümleriň öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gök önümleriň öndürilişi artýar

view-icon 88
Gök önümleriň öndürilişi artýar

Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň zähmetsöýer daýhanlary diňe bir milli baýlyklarymyz bolan pagtanyň, esasy azyklyk ekini bolan bugdaýyň däl, eýsem, ýylyň ýylyna gök-bakja ekinlerini öndürmek boýunça hem uly üstünliklere eýe bolýarlar. 

Lebaply oba hojalykçylar 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda soganyň göz öňünde tutulan 22 müň 500 tonnasyna derek 22 müň 748 tonnasyny, pomidoryň 13 müň 625 tonnasyna derek hem 13 müň 700 tonna golaý hasylyny alyp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen amal etmegi başardylar. 

Bulardan başga-da sebitiň daýhanlary welaýat boýunça hyýaryň 1011, bakja önümleriniň hem 42 müň 311 tonnasy taýynlanyp, döwlet meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Güýz paslynyň gelmegi bilen daýhanlaryň aladalarynyň has artýandygyny bellemek gerek. Güýz aýlarynda daýhanlaryň öňünde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, güýzlük bugdaýyň ekişini ýokary hil derejesinde geçirip, öz wagtynda tamamlamak ýaly möhüm işler bilen birlikde ýetişdirilen gök we bakja önümlerini ýygnamak, şeýle hem olara ideg etmek ýaly hysyrdyly zähmeti talap edýän wezipeler durýar. 

Häzirki wagtda welaýatyň gök ekerançylary mäşiň we noýbanyň hasylyny ýygnamaklygy hem utgaşykly alyp barýarlar. Has takygy Gündogar sebit boýunça mäş ekilen 3 müň 100 gektar ýerden möwsümde 4 müň 650 tonna hasyl almaklygy meýilleşdirilip, häzirki döwre çenli 1600 tonna töweregi mäş hasyly ýygnalypdyr. 

Welaýatyň gök ekerançylary noýba hasylyny ýygnamak boýunça hem ýokary netijeler görkezýärler. Şu günlerde 220 gektar ýere ekilen noýbadan 240 tonna golaý hasyl alnypdyr. Welaýatyň Dänew hem-de Kerki etraplarynyň mäş we noýba öndürmek, Saýat etrabynyň hem noýba hasylyny taýýarlamak boýunça döwlet tabşyryklaryny eýýam amal edendiklerini belläp geçmek buýsançlydyr. Bulardan başgada welaýat boýunça meýilleşdirilen 900 gektar ýerde sogan, 450 gektar meýdanda hem sarymsak ekinlerini ekmeklik güýçli depginde dowam etdirilýär. 

Welaýatyň gök ekerançylarynyň tutanýerli zähmeti, gazanýan ýokary netijeleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmeklige mynasyp goşant goşýandyklarynyň buýsançly subutnamasydyr.