Ï Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 226

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Alžiriň dostlukly halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.