Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 2151

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek, gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýan Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäňiz halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň yzygiderli berkidilmegine, ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilip, watandaşlarymyzyň ýagty we bagtyýar geljege bolan ynamyny has-da artdyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýen parasatly sözleriňiz bu gün türkmen halkyny yhlasly, hyjuwly we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Beýik ösüşlerimiziň täze taryhy döwründe ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, köp sanly senagat, durmuş, medeni maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, geljekki belent sepgitlere alyp barýan iri taslamalaryň meýilleşdirilmegi eziz Diýarymyzyň depginli ösüşlerinden, ykdysady kuwwatyndan nyşandyr.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň täze tapgyry başlandy. Döwrümiziň iri taslamasy bolan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamdaky ösüşleriniň, özgertmeleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Siziň baştutanlygyňyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Köpetdagyň eteginde söz ussadynyň belent başly ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy, bu ýerde dünýä medeniýetiniň görnükli wekilleriniň 24-siniň heýkelleriniň oturdylyp, ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi paýtagtymyzyň dost-doganlygyň we parahatçylygyň merkezi hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrýar.

Siziň tagallalaryňyz hem-de ak pataňyz bilen, doganlyk Owganystanyň halkynyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy üçin demir ýol, elektrik energiýasy, gaz üpjünçiligi bilen bagly iri desgalaryň açylmagy we gurluşygyna girişilmegi täze taryhy döwrümizde alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň geçirilmegi milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň gymmatly eserleriňiz, döwletlilik taglymatlaryňyz arkaly halkymyz öz geçmişiniň şöhratly ýoluna has çuňňur, has aýdyň göz ýetirýär. Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryňyzyň eziz Watanymyzy ösdürmekde türkmen halkyna goldaw berjekdigine, diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasynda däl-de, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasynda hem mynasyp orun aljakdygyna pugta ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly Berdimuhamedow.