Ï Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk toýumyza mynasyp sowgatly barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk toýumyza mynasyp sowgatly barýarlar

view-icon 2127
Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk toýumyza mynasyp sowgatly barýarlar

Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde halkymyzyň gadymdan gelýän, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli halyçylyk sungaty bu gün täze belentliklere göterilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly işlerem oňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Bu ugurda Diýarymyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda bitirilýän görnükli işlerem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gadymy hem müdimi senedi ömürlik hemra edinen zähmetsöýer balkanly halyçylar halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özleri baradaky, halkymyz hakyndaky aladalara yhlasly zähmetleri arkaly mynasyp jogap berýärler. Munuň hakykatdanam şeýledigine «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň tejribeli halyçy gelin-gyzlarynyň ýylyň-ýylyna gazanýan ýokary önümçilik görkezijileri anyk subutnamadyr. 

Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, mährem ene-mamalarymyzyň, nurana gelin-gyzlarymyzyň yhlas-zehini, bimöçber buýsanjy bilen taýsyz sungat derejesine göterilen türkmen halylaryna, haly-palas önümlerine owal-ahyr baky könelmezlik bagty ýazylypdyr. Şu mizemez hakykata gürrüňi edilýän çeper halyçylyk kärhanasynda dokalýan nepis halylary synlanyňda hem magat göz ýetirýärsiň. Çeper elli ezber halyçylaryň buýurmalar esasynda ussatlyk bilen taýýarlaýan dürli ölçeglerdäki arzyly, geçginli önümlerem uly hoşallyk bilen kabul edilýär. 

Öňdebaryjy kärhananyň ussat halyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri dürli haly, haly önümleriniň 1896 inedördül metrini dokap, meýilnamany 107,7 göterim berjaý etdiler. Şeýle-de zähmetsöýer halyçylar gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, bütin älem içre meşhur haly we haly önümleriniň dokalýan möçberlerini has-da artdyrýarlar. Bu bolsa beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýan gyzylarbatly halyçylaryň batly gadamlaryndan habar berýär.