Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy

view-icon 2002
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäher ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Arkadag şäheriniň halkara derejedäki güwänamalara we abraýly baýraklara mynasyp bolmagy bu ýerde alnyp barylýan işleriň ylmyň täze gazananlaryna, dünýäniň ösen tejribesine esaslanýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen täze şäheri ösdürmegiň meselelerini, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda döwlet ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşmak asylly däbe öwrüldi. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amal etmegiň çäklerinde Arkadag şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça beren tabşyryklarynyň ähmiýetine üns çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” işlenip taýýarlanylandygyny aýdyp, degişli maksatnamany tassyklamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Konsepsiýada Arkadag şäherini ähli ugurlarda ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, onuň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna, täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny belledi. Munuň özi şäheriň ähli görkezijiler boýunça döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmeginiň baş şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherini “akylly” şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyklykda ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny” Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumyna iberip, maksatnamany hormatly Prezidentimiziň tassyklamagyna hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu Konsepsiýany tassyklan halatynda, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem bu Konsepsiýanyň esasynda “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklamak boýunça geçirilýän işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Munuň özi ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda aýratyn ähmiýetli çözgüt bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjynyň halkara giňişlikde ykrar edilmegi ýurdumyzyň dünýä ähmiýetli işlere ägirt uly goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Bellenilişi ýaly, ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy Türkmenistanda häzirki zaman ylmynyň netijeli ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde döwrebap ylym-bilim ojaklarynyň yzygiderli gurulmagy, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, bilim edaralarynda ýaşlara bilim bermegiň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini belläp, dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyly ähmiýetli wakalara beslemek, onuň çäklerinde halkara çäreleri geçirmek boýunça wezipeleriň kesgitlenmelidigini aýtdy. Şunda “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesinden ugur almagyň wajypdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Bu bolsa önümçilik toplumlaryny gurmak, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini döretmek işlerine daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek meselelerinde möhüm orny eýeleýär.

Milli Liderimiz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmak, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek meseleleri barada aýdyp, ýaşlaryň häzirki zaman intellektual eýeçiliginiň aýratynlyklaryny, sanly ulgamyň ähmiýetini işjeň özleşdirmekleri üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, ösüp gelýän ýaş nesilleriň türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary esasynda terbiýelenmegine wajyp ähmiýet berilmelidir.

Lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň häzirki zaman lukmançylyk ylmyna daýanýandygyny belledi. Gaznanyň hemaýat bermeginde alnyp barylýan bejeriş çäreleri lukmançylyk ylmynda gazanylan üstünliklere, bu ugruň aýratynlyklaryna esaslanýar.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa öňde boljak şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, täze jaýlara göçüp gelmegiň hormatyna köpçülikleýin jaý toýlarynyň tutulmagyna taýýarlyk görülýär.

Milli Liderimiz öňde boljak şanly seneleri, şol sanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, täze şäheriň ösüş depgininiň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşlerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak meseleleri ünsden düşürilmeli däldir.

Häzirki döwürde Arkadag şäherinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Munuň özi täze şäheriň halkara sport giňişligine aralaşmagyna giň ýol açýar. “Arkadag” futbol topary geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýokary Ligasynyň çempiony boldy. Onuň şu ýylky görkezijileriniň hem ýokary derejä eýedigi “Arkadag” futbol toparynyň ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezýär. Sportuň medeni çäreler bilen utgaşdyrylmagy jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýaşlary täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrmakda hem ähmiýetlidir. Şunda şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralar, jaý toýlary täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydyr.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen şäheriň ösüşinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny belledi. Munuň özi şäheriň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda ähmiýetlidir.

Soňra Milli Liderimiz täze şäherde ulanylýan elektrobuslaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy elektrobuslaryň amatlylyk we tehniki görkezijiler babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna, ýokary halkara ülňülere laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin degişli düzümleriň hünärmenleri bilen bilelikdäki tagallalaryň edilmegi zerurdyr. Häzir bar bolan we geljekde satyn alynjak elektrobuslaryň ýerli tebigy howa şertlerine laýyk gelmegi, olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi hem-de halkymyza ýokary derejeli hyzmat etmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz elektrobuslaryň hyzmat aýratynlyklaryna, daşky bezegine birnäçe belliklerini aýdyp, geljekde bu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle-de elektrobuslarda döwrebap mahabat ýazgylaryny ýerleşdirmek meseleleri barada aýdylyp, bu ugurda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Häzirki döwürde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýollarynda elektrobuslaryň we beýleki ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň döwrüň ruhuna doly laýyk gelmelidigini nygtady. Bu işleriň ýokary derejede berjaý edilmegi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň esasy talabydyr.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.