Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny we Mirasdüşer Şazadasyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny we Mirasdüşer Şazadasyny gutlady

view-icon 1983

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini hem-de ony mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigini nygtap, döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.