Ï Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

view-icon 2839
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. 

Şanly senäniň – eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. 

Hakyky halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden hem-de häzirki türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmak üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri – talyp ýaşlar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler çagyryldy.