Türkmenistanly telekeçiler şu ýylyň 16–20-nji oktýabry aralygynda Nýu-Deliniň etegindäki Uly Noýda şäherinde geçiriljek «India Expo Centre & Mart» halkara senetçilik ýarmarkasyna gatnaşarlar.
Türkmen telekeçileri işewür gatnaşyklary ýola goýup we beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alşyp, senetçilik hem-de dizaýn pudagyndaky soňky üstünlikler bilen tanşyp bilerler.
Hindistanda senetçilik eksportyny ösdürmek geňeşiniň guraýan bu ýarmarkasy senetçilik we dizaýn dünýäsinde möhüm waka, bölek satyjylar, importçylar, lomaý satyjylar we dizaýn hünärmenleri üçin hemmetaraplaýyn gözleg meýdançasy bolar.
«IHGF Delhi Fair – 2024» sergisinde önüm öndürijilerden we eksportçylardan geljek möwsüm üçin öý, durmuş, moda, öý esbaplary we esbaplar toplumy görkeziler. Şeýle hem myhmanlar 14 ugurda önümler we dizaýnerçilik çözgütler bilen tanşyp bilerler.