Ï Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň täze neşiri taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň täze neşiri taýýarlanýar

view-icon 2047

Tokaý hojalygy we tebigat goragy pudagynyň hünärmenleri BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) ýuristleri hem halkara hünärmenleri bilen bilelikde Türkmenistanyň täzelenen Tokaý kodeksiniň taslamasyny taýýarladylar. Bu taslama Aşgabatda geçen maslahata gatnaşanlara görkezildi.

Duşuşyga Aşgabat şäherine gelen FAO/GEF-iň «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklyk çekýän we şorlaşýan ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasynyň tehniki direktory Ekrem Ýazyçydan we taslamanyň sebit boýunça utgaşdyryjysy Mahmud Şaumarowdan ybarat wekiliýeti gatnaşdy.

Iki gün dowam eden maslahatda tokaý baýlyklaryny aýawly we durnukly dolandyrmagyň, şeýle hem tokaýlary dikeltmegiň kanuny esaslaryny kämilleşdirmegiň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Täzelenen resminama diňe bir häzirki döwrüň talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäde howanyň üýtgeme meselelerini we ýüze çykýan ekologik kynçylyklary-da göz öňünde tutar ýaly taýýarlanypdyr. Maslahatda bolup geçen ähli bellikler we teklipler kanun taslamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlenmezden we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň garalmagyna berilmezden öň, Kodeksiň işiniň gutarnykly tamamlanmagynda göz öňünde tutular.

«Biziň wezipämiz bu möhüm resminamanyň ýetmezini doldurmak işindäki indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmakdyr» diýip, Mahmud Şaumarow maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Maslahata gatnaşmakdan başga-da, FAO/GEF wekiliýetiniň agzalary CACILM-2 taslamasynyň esasy milli hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary we esasy işgärleri bilen duşuşyk geçirdi.