Ï Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

view-icon 1256

Ähli ugurlar boýunça buýsandyryjy netijeleri gazanýan ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk däplerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý-hormat gazanýar.

Berkarar Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyz uly işleri bitirýärler.

Barha ösýän, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlaryny ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly:

Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Meretguly Öwlýägulyýewe,

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Pirmuhammet Ymammuhammedowiç Hajylyýewe,

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşir Çaryýarowa,

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammet Atamyradowa,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Atabaý Annaýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Annadurdy Taganowa,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Goçmyrat Orazgeldiýewe,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy stansiýasynyň maşinisti Orazdurdy Ataýewiç Hallyýewe,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Şyhy Şükürowa,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmyrat Kitjanowa,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Durdy Otuzowiç Durdyýewe,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Satgan Gurbanowa,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Abadanlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Bazarbaý Togsanowa,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Kalandar Hojiýewiç Ýuldaşewe,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginden hususy atşynas Jumageldi Muhammedowiç Hoşwagtowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Batyrbaý Babajanowa,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Adalat geňeşliginiň Arykperreň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Berdimyradowiç Amanmyradowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup geňeşliginiň Parahatlyk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Berdi Kulyýewiç Şirowa,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumamyrat Sahatowiç Muhammedowa.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.