Ï Türkmenistanyň wekilleri QS we THE halkara reýtinglerinde ýokary okuw mekdepleri öňe ilerletmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri QS we THE halkara reýtinglerinde ýokary okuw mekdepleri öňe ilerletmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

view-icon 2252
Türkmenistanyň wekilleri QS we THE halkara reýtinglerinde ýokary okuw mekdepleri öňe ilerletmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary we talyplary Daşkent şäheriniň Alyşir Nowaýy adyndaky özbek dili we edebiýaty döwlet uniwersitetinde geçirilen «Ýokary okuw mekdepleriň QS we THE halkara reýtinglerine gatnaşmagynyň ýollary» diýen tema boýunça aralykdan okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Okuw maslahaty Özbegistanyň ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde utgaşykly görnüşde guraldy.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky çärede ýokary okuw mekdepleri dünýäniň reýtinglerine girizmegiň mümkinçiliklerini hem-de usullaryny öwrenmäge üns jemlenildi.

Okuw maslahatyň dowamynda türkmen wekilleri bu ulgamda tejribelerini paýlaşdylar we ýokary okuw mekdepleriň halkara reýtinglerde eýeleýän orunlaryny gowulandyrmak üçin hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlaryny kesgitlediler.

Halkara bilermenler, şol sanda Özbegistandaky Erazmus+ maksatnamasynyň wekilleri, ýokary bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara reýtinglerde orunlary eýelän ýokary okuw mekdepleriň hünärmenleri BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin ýokary okuw mekdepleriň işjeňligini artdyrmagyň ýollary barada hem-de ýokary okuw mekdepleriň QS we THE reýtingine girizilmegiň oňyn täsiri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda gatnaşmagyň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de halkara reýtingleriň sanawlarynda ýokary okuw mekdepleri öňe ilerletmek üçin ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň orny nygtaldy. Uniwersitetleriň dünýä reýtingleriniň ähmiýeti, olaryň görkezijileri we baha bermegiň ugurlary, tertipleşdirme ulgamy, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerde bilimiň hilini artdyrmak boýunça netijeli çäreler barada jikme-jik aýdyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen wekilleri daşary ýurtly kärdeşleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrendiler, şeýle hem bilimiň hilini we ýokary okuw mekdepleriň halkara reýtinglere gatnaşmagyň netijelerini gowulandyrmak üçin anyk maksatlary kesgitlediler. Mundan başga-da, okuw maslahatyň geçirilmegi bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge oňyn täsirini ýetirjek täze başlangyçlar hem-de taslamalar üçin ýol açdy.

Bu okuw maslahaty Ýewropa Bileleşiginiň tehniki kömek maksatnamasynyň (TAM) bir bölegi bolup, ýokary okuw mekdeplerde bilimiň hilini döwrebaplaşdyrmak üçin teklipleri we goldawlary bermäge gönükdirilendir. Bu okuw maksatnamasynyň çäklerinde TAM dürli çäreleri, okuw maslahatlary, iş duşuşyklary geçirmek arkaly öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmegi maksat edinýär.