Ï Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen maslahat milli medeniýetiň galkynyşyna we gülläp ösmegine bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen maslahat milli medeniýetiň galkynyşyna we gülläp ösmegine bagyşlandy

view-icon 1685
Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen maslahat milli medeniýetiň galkynyşyna we gülläp ösmegine bagyşlandy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ylmy edaralarda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Bu maslahatlarda Garaşsyzlygyň ýurdumyzyň häzirki zaman üstünliklerindäki we mundan beýläkki ösüşindäki orny hem ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň täze tapgyry: medeniýet we sungat» atly ylmy-amaly maslahat milli medeniýetiň galkynyşyna we gülläp ösüşine bagyşlandy.

Çärä şu ýokary okuw mekdebiniň wekillerinden başga-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdy. Çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky hemmetaraplaýyn ösüşi barada Watanymyzyň gazanan üstünliklerine we dünýä ýüzündäki ýokary abraýyna bolan buýsançlaryny beýan etmek bilen çykyş etdiler.

Şonda talyplar ýokary okuw mekdebinde alan bilimlerini ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine ulanmak bilen, bu üstünlikleri artdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Maslahatyň ahyrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparynyň çäräniň baýram şatlygyny has-da dabaralandyran çykyşy boldy.