Ï Hyrat şäherinde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyrat şäherinde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 344

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Hyrat şäherinde Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň binasynda «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Bu çärä Hyrat welaýatynyň Maglumatlar we medeniýet müdirliginiň wekilleri, Hyrat şäheriniň uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen saýlanan eserlerini öz içine alýan neşiriň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijiligi ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň mirasyny ebedileşdirmäge uly ähmiýet berýändikleri aýratyn nygtaldy.