Ï Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary

view-icon 3664
Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy, şeýle hem ildeşlerimiziň birnäçesi «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly atlara mynasyp boldular.

Watandaşlarymyzyň sarpalanylmagy ýurdumyzda durmuş tejribesini, bilimini we zehinini Watana gulluk etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna hormat bilen garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Hut şeýle maksada okgunly, zehinli, wezipe borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän, döwlete peýda getirmäge çalyşýan raýatlarymyz ýaş nesil üçin görelde mekdebidir. Şoňa görä, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesli milli gymmatlyklara, däp-dessurlara, taryhy mirasa hormat goýmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik ruhunda terbiýelemekde, olara bilim bermekde bitiren uly hyzmatlary üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan zenanlaryň, “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň goşandy aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip gelýän şanly baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Halkymyzyň joşgunly zähmeti esasynda Watanymyzyň gün-günden gülläp ösýändigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak boýunça iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalary, ulag-aragatnaşyk toplumynyň desgalary ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bilim we saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň ösdürilmegine köp möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli gowulandyrylýar. Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratly syýasy, ykdysady, medeni wakalara baý bolan her bir güni ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Şu gezekki dabaralara gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny çuňňur buýsanç we tolgunma duýgusy bilen kabul edip, öz çeken zähmetine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ähli güýç-gaýratyny, ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, döwlet özbaşdaklygyny, milletiň agzybirligini hem-de jebisligini, jemgyýetde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

***

Şu gün paýtagtymyzda hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet işgärlerini döwlet derejesinde sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň yzygiderli ösüşine döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň ähmiýetini aýdyň şöhlelendirmek bilen, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Munuň özi halkymyzyň tükeniksiz ruhy baýlygynyň goralýandygynyň, döredijilik işgärleriniň goldanylýandygynyň hem-de höweslendirilýändiginiň anyk güwäsidir.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz bäsleşigiň ýeňijilerini bu şanly waka we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlap, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynda, milli däp-dessurlarymyzy, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde, Watanymyzyň şöhratyny artdyrmakda, dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda olaryň alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmekde bu gözden geçirilişiň möhüm ähmiýetine, oňa medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öz döreden kämil eserleri bilen gatnaşýandyklaryna ünsi çekip: “Biz geljekde-de bu bäsleşigiň gadyr-gymmatyny artdyrmak, onuň çäklerinde täze bäsleşikleri yglan etmek, döredijilik işgärlerini maddy taýdan goldamak babatda giň gerimli işleri alyp bararys” diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karary okalýar.

Döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler döredijilikli zähmet çekmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri bu sylagy diňe bir ýokary hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, sungatyň dörediji, jebisleşdiriji wezipesiniň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini bellediler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler täze döredijilik gözýetimlerini açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň we edebiýatymyzyň ösdürilmegi, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagy, döwrebap eserleriň döredilmegi üçin oňaýly şertler üpjün edilýär. Edebiýatda, žurnalistikada, aýdym-saz, teatr, şekillendiriş sungatynda eziz Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, agzybirligini wasp edýän, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan kämil eserler döredilýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, öz zähmetine berlen ýokary baha we halkymyzyň ruhy mirasyny ösdürmäge, döredijilikli işlemekleri babatda zerur şertleri döretmäge berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de eziz Watanymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ähli güýç-gaýratyny, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli ugurlar boýunça döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary ösdürmäge täze gözýetimleri açan parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň, döwrümiziň özboluşly senasyna öwrüldi.

Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň köpdürlüligi we özboluşlylygy öz beýanyny tapdy. Ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.