Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 2216

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlykda ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny dabaraly çärelere besläp, uludan toýlaýar, ajaýyp üstünlikler hem-de möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrýar.

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köpasyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Pederlerimiziň ýürek arzuwy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwelerini görmek ähli halkymyz üçin bagtyýarlykdan nyşandyr. Taryh üçin gysga döwürde ösüşiň belent sepgitlerine ýeten Türkmenistanda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwlary hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde geljekki ösüşlerimiziň kepili bolan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», beýleki milli we döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda halkymyz el-ele berip, hormatly Prezidentimiz, Siziň daşyňyza jebisleşip, belent maksatlary nazarlap, ynamly öňe barýar.

Garaşsyz ýurdumyzda ylym-bilim, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň, beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbi Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň bir supranyň başynda jem bolup, bir döwlete gulluk edende beýik işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna şaýatlyk edýär. Döwrebap binadyr desgalar, ýoldur köprüler ýurdumyzyň şöhratly gadamlarynyň bedew badyny alamatlandyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda hemişelik Bitarap Watanymyz sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýan döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň beýan edilmegi, türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Siziň Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitindäki öňe süren teklipleriňiz ählumumy howpsuzlygyň, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlaryňyzyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.

Hemişelik Bitarap, asuda, parahat ýurtda agzybir ýaşaýan, döredýän we gurýan türkmen halkynyň maksatlary mydama bagta rowana bolýar. Bu ajaýyp taryhy eýýamda, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasatyňyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň röwşen geljegine bolan synmaz ynam her bir türkmenistanlyny döredijilikli, halal zähmete ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi berkarar döwletimiziň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.