Ï Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti

view-icon 2013
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy.

Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi. Indi 33 ýyl bäri ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni beýik işlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Şanly günde çykyş etmek artistleriň ussatlygynyň we zehininiň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti A.Nurmuhammedowanyň we “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Adalatly Arkadagym bar meniň, Arkadagly Serdarymyz bar biziň” atly aýdym-sazly kompozisiýa giň gerimli dabaranyň ajaýyp başlangyjy boldy. Ol Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeleriň ajaýyp nusgasy bolan Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki ösüşli menzillerini wasp edýär.

Tomaşaçylar “Şowhun” çagalar tans toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, “Arçabil” deprekçiler toparynyň bilelikde ýerine ýetiren “Oguzlar” atly baýramçylyk edebi-sazly kompozisiýasyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Milli öwüşginlere, çaga dünýäsiniň päkligine beslenen çykyş Garaşsyz Watanymyzdaky bagtyýar durmuşyň, abadançylygyň beýany boldy. “Mukam” skripkaçylar toparynyň “Buýsançly nagmalar” atly kompozisiýasy dabara aýratyn joşgun berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly aýdym-sazly horeografik çykyş tomaşaçylara aýratyn lezzet paýlady. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz şahyrana eserini, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlady.

Konsert belli sazandalaryň, estrada ýerine ýetirijileriniň, folklor-tans toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Ussat ýerine ýetirijiler bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş aýdymçy-sazandalar hem zehinlerini görkezdiler. Olaryň aglabasy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijileridir. Tomaşaçylar hormatly Prezidentimize bagyşlanyp döredilen “Arkadagly Serdarym” atly aýdymy uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Onuň joşgunly sözlerinde döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk, iň ýakymly arzuwlar, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň nurana geljegine ynam beýan edilýär.

Sahnada milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň nusgawy hem-de häzirki zaman eserleriniň iň gowy nusgalary ýaňlandy. Watanymyzy, onuň gözelligini, güýç-kuwwatyny wasp edýän özboluşly wokal-horeografik çykyşlar ýerine ýetirildi. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýeten özboluşly däp-dessurlaryny janlandyrýan etnografik çykyş hem baýramçylyk maksatnamasy bilen sazlaşykly utgaşdy. Döwlet tans topary, «Galkynyş», «Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Serpaý», «Miras», “Aşgabat” toparlary tans we horeografik çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň ussat aýdymçylarynyň halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýän ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, olar öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Konsert maksatnamasyna häzirki döwrüň hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen aýdymlar girizildi. Soňra “Arkadagym, Arkadagly Serdarym” atly aýdym ýaňlandy. Onda aýdym-sazyň, şygryň üsti bilen ildeşlerimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan hormaty şöhlelenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen, tutuş halkymyzyň söýgüsini gazanan “Jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu ruhlandyryjy aýdym-sazly kompozisiýa her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, toý-baýramlara beslenýän ýurdumyzyň senasy bolup ýaňlanyp, nurana geljege ynamly barýan Watanymyzyň häzirki bagtyýar döwrüne buýsanjyň belentdigini görkezdi.

Artistleriň eserlerine siňdiren ýürek duýgulary, zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme tapdy. Häzirki zaman audio-wideo tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň” atly sahna eseri şeýle çykyşlaryň biri boldy. “Miras” folklor tans toparynyň we beýleki belli horeografik toparlaryň ýerine ýetiren çykyşy parahatçylyk taglymyny dabaralandyrýan halkymyzyň ajaýyp milli däp-dessurlaryny, myhmansöýerlik, dostluk häsiýetlerini açyp görkezdi.

Ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň we konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň bagtyýar döwrüniň, döwlet Garaşsyzlygynyň senasy bolup ýaňlanan “Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan” atly joşgunly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.