Ï Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy

view-icon 226
Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy
Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy
Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy
Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Iwanowiç Woronkow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň wekillerini öz içine alýan Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek boýunça strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna aýratyn üns berdiler. Şol bir wagtyň özünde meýilnamada görkezilen çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň orny nygtaldy.

Şeýle hem şu ýylyň oktýabrynda we noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek çylşyrymly infrastruktura we energetika arabaglanyşygyny berkitmek boýunça sebitleýin duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.