Ï Türkmen-çeh gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-çeh gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 331

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   

Syýasy-diplomatik ugur babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany we Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny işläp düzmek barada ylalaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygynyň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Çehiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasarynyň 2025-nji ýylda Türkmenistana boljak saparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Söwda-ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, taraplar bu ugurda bar bolan mümkinçiliklere esaslanmak arkaly, gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi dorgusynda pikir alyşdylar.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-çeh iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Söwda-ykdysady işjeňlige itergi bermek nukdaýnazaryndan Çehiýa Respublikasynyň işewürler wekiliýetiniň şu ýylyň oktýabrynda Aşgabada boljak saparynyň ähmiýeti bellenildi.