Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 415 müň dollaryna deň boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 415 müň dollaryna deň boldy

view-icon 1452

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, şeýle hem Gazagystanyň we Owganystanyň işewürleri portlandsementi satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçilerine boýalan tüýjümek mata, nah ýüplük we çig mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 415 müň dollaryna deň boldy.