Ï Türkmenistanyň DIM-nde USAID-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde USAID-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1884

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anžali Kauryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin we milli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady ösüş, metan zyňyndylaryny azaltmak, logistika, durmuş ulgamy, Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly USAID-iň üsti bilen tehniki goldaw bermek we beýleki ugurlarynda özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi.