Ï Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Astrahan ýokary mekdebiniň talyplaryny birleşdirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Astrahan ýokary mekdebiniň talyplaryny birleşdirdi

view-icon 1372
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Astrahan ýokary mekdebiniň talyplaryny birleşdirdi

V.N.Tatişewiň adyny göterýän Astrahan döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilmegi bilen utgaşan sazly edebi agşam geçirildi. 

Bu medeni çärä Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň attaşesi Enegül Kakajanowa, Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň halkara bölüminiň başlygy Arslan Çaryýew we türkmen medeniýetini gorap saklamak hem ösdürmek boýunça «Türkmenistan» atly Astrahan sebit jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Fauziýa Kadyrowa dagy gatnaşdylar.

Aýdym-sazly edebiýat agşamynyň maksatnamasy Magtymguly Pyragynyň goşgularyny türkmen we rus dillerinde okamak, milli aýdymlary we halk tanslaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem saz gurallarynda çykyşlary öz içine aldy.

Talyp tans toparlary tomaşaçylara ajaýyp ýerine ýetirilişde «Küştdepdi» halk tansyny görkezmek bilen, hemmäni türkmen medeniýetiniň jümmüşine äkitdi. «Etnosfera» halk döredijilik ansambly bolsa depginli «Wolga» tansy bilen tomaşaçylary begendirdi. «Ene Ýer» aýdymynyň heňinde ýerine ýetirilen täsir galdyryjy çykyş ýene bir çeper täsinlik boldy.

Hormatly myhmanlar Astrahan döwlet uniwersitetine türkmenistanly talyplar bilen işjeň hyzmatdaşlygy we goldawy üçin hoşallyk bildirdiler.

Astrahan döwlet uniwersiteti umumy medeni giňişligi saklap galmaga aýratyn ähmiýet bermek bilen, Türkmenistanyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bu bolsa dürli halklaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna we dillerine hormat goýýan ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm orna eýedir.

Ozal Türkmenistanyň Bilim ministrliginde häkimiň orunbasary we sebit hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky Astrahan sebitiniň wekiliýeti bilen duşuşyk bolup geçdi. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebit-gaz pudagy, oba hojalygynyň belli pudaklary, agronomiýa, oba hojalygynyň ylmy ugry, ulag we logistika ýaly tehniki hünärler bilen baglanyşykly ugurlar bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary diýlip kesgitlendi. Mundan başga-da, gämi taslamasyndan başlap, anyk işçi hünärlerine çenli ähli basgançaklary öz içine alýan gämi gatnawy we gämi gurluşygy pudagyndaky hünärlere aýratyn üns berildi.