Ï Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 1471

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Olaf Şolsa we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär we ösdürilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Gazagystanda geçirilen “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly birnäçe meseleleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, özara gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Federal Kansleri Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.