Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 1955

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owgan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmenistan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýär we dostlukly ýurt hökmünde Owganystan bilen gatnaşyklarda oňyn maksatlardan ugur alýar. Çylşyrymly pursatlarda owgan halkyna yzygiderli goldawlaryny berýär. Pursatdan peýdalanyp, golaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm taslamalaryň ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Premýer-ministri.