Ï Türkmenistanly ýaş zehinler GDA-2024 Açyk çagalar Delfler oýunlaryna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly ýaş zehinler GDA-2024 Açyk çagalar Delfler oýunlaryna gatnaşýarlar

view-icon 1298
Türkmenistanly ýaş zehinler GDA-2024 Açyk çagalar Delfler oýunlaryna gatnaşýarlar

Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň birinji halkara çagalar Delfler oýunlary dabaraly ýagdaýda başlandy. Döredijilik ýaryşlaryna Belarusdan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 7 ýaşdan 14 ýaş aralygynda 500-den gowrak zehinli çagalar gatnaşýar.

Halkara gözden geçirilişde sazçylyk we sungat mekdepleriniň, şeýle hem medeni merkezleriň zehinli okuwçylary ýurdumyza wekilçilik edýärler. Çagalar bu ýaryşda Türkmenistanyň adyndan buýsançly çykyş etmek üçin kyn we tutanýerli ýol geçdiler.

Delfler oýunlarynda fortepýano, skripka, nusgawy gitara, şekillendiriş sungaty, estrada aýdymlary, halk tanslary, ýekelikde aýdym aýtmak we di-jeýlik ýaly dürli ugurlardan bäsleşikler göz öňünde tutulýar. Festiwalyň maksatnamasynda halk gurallary, çeper senetler we ümli aýdymlar ýaly gyzykly çykyşlar bolar.

Çäräniň maksady sungatyň ýokary forumy hökmünde Delfler oýunlaryny ösdürmek, milli medeniýetleri saklap galmak, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklary goldamak we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdyr. Bu ýerde ýaşlar bilen döredijilik işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýulýar, estetiki terbiýe, sungat bilimi we döredijilik pudaklary ösdürilýär.

Açylyş dabarasy tamamlanandan oňa gatnaşyjylar eýýäm dostlaşyp, gymmatly döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýdular. Ýaş zehinleri birleşdirmek we tejribe alyşmak meýdançasy hökmünde oýunlaryň esasy ideýasyny aýdyň görkezýär. Bäsleşige gatnaşýanlara köp gyzykly wakalar garaşýar.

Delfler oýunlary 2024-nji ýylyň 5-nji oktýabryna çenli dowam eder we oňa gatnaşyjylara diňe bir bäsleşmek üçin däl, eýsem, tejribe alyşmak birek-birege täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmak üçin özboluşly mümkinçilik döreder.