Ï Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert

view-icon 2808
Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy her ýyl oktýabr aýynyň başynda Halkara aýdym-saz gününi baýramçylyk konserti bilen belleýär.

Bu gezek ony geçirmek wezipesini kamera sazlary ansambly bölümi öz üstüne aldy. Konserti dutarda ýerine ýetirilen türkmen halk sazy açdy. Türkmenistanyň at gazanan artisti, dutarçy Osman Güjümow «Burny aşak» atly türkmen halk sazyny ylham bilen ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda birnäçe gezek sahnadan saz hakynda kalpdan çykan goşgy setirleri ýaňlandy, bu bolsa baýramçylyk agşamyny has-da dabaralandyrdy. Halk we at gazanan artistler, halkara bäsleşikleriň ýeňijileri dünýä nusgawy sazynyň iň gowy eserleri bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler.

Ispaniýaly kompozitor Pablo Sarasateniň «Sygan heňleri» atly meşhur eserini ýerine ýetiren skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň çykyşy tomaşaçylary  hyjuwlandyrdy. Wladimir Mkrtumow nemes kompozitory Iogannes Bramsyň «Intermetstsosyny» ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Konserti türkmen eseri – Nury Muhadowyň «Gel Türkmenistana» aýdymy bilen jemlendi. Ony konserte gatnaşýanlaryň hemmesi bilelikde aýtdylar. Halkara bäsleşiginiň diplomanty Stella Faramazowa, Maýa Beýmanowa we Merjen Amanowa dagy konserte beýemçilik etdi. Konsert aýdym-sazyň muşdaklaryna uly ruhy lezzet berdi.